Habarlaryň arhiwi (2019-10-2)

Aşgabatda Halkara senagat söwda-maslahaty geçiriler

2019-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly halkara sergi-maslahaty geçiriler. Bu barada forumy gurnaýjy — ýurdumyzyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi habar berýär. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde geçiriler we dokma, himiýa senagatyna, gurluşyk materiallarynyň önümçiligine, telekommunikasiýa, ulag we logistika bagyşlanar. Bu çäre tejribe alyşmaga, täze ideýalary we gazanylanlary öwrenmäge, şeýle hem...

Hasan Ruhani: Eýran Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Eýran Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär, diýlip Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda belleýär. «Biziň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara düşünişmeklige esaslanýar. Dürli ugurlar boýunça dostlugymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk hem giňeldiljekdigine berk ynanýaryn» - diýlip hatda bellenilýär. Belläp geçsek, Türkmenistan we Eýran Hazar deňzi boýunça...

Prezident korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamany täzelemegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine Mejlis bilen bilelikde korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamany gysga wagtyň içinde täzelemegi hem-de hödürlemegi tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde aýtdy. Bu resminama döwlet häkimiýet edaralarynyň we häkimlikleriň, guramalaryň hem-de kärhanalaryň amala aşyrýan guramaçylyk, ykdysady, hukuk, maglumat we işgärler...

2014