Habarlaryň arhiwi (2019-11-6)

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze tapgyry açar — Türkmenistanyň DIM-i

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 6-7-nji noýabrda Italiýa Respublikasyna resmi sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry açar, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde neşir edilen makalasynda bellenilýär. Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikleri geçirmekligi meýilleşdirilýär. Ýokary derejede geçiriljek bu duşuşyklar däbe öwrülen dostlukly döwletara...

Türkmenistanyň «EKSPO – 2020-ä» gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň DIM-de «EKSPO – 2020 Dubaý» Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistandan wekilleriň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky...

2014