Habarlaryň arhiwi (2019-11-4)

Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistan durnukly energiýa ibermeleri ulgamyny döretmek meselelerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletler bilen köp taraply hyzmatdaşlyga taýýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow geçen şenbe güni Daşkentde geçirilen ŞHG agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi, diýip daşary ýurt HBS-leri belleýär. «Bu günki gün biziň öňümizde energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň, diwersifikasiýasynyň,...

Hazarüsti gaz geçirijisi ÝB-niň energetika taslamalarynda dördünji sanawda galdy

Ýewropa komissiýasy Ýewropa Bileleşiginde serhetara energetika infrastrukturasyny durmuşa geçirmek üçin umumy gyzyklanma bildirilýän taslamalaryň (PCI) dördünji sanawyny tassyklady. Täze sanaw üç sany esasy maksadyň arasyndaky deňagramlylygy görkezýär: durnukly ösüş, elýeterlilik we energiýa serişdeleriniň howpsuz geçirilmegi. Soňky iki ýylda sanawda gaz taslamalarynyň sany 53-den 32-ä çenli azaldy. Täze sanawda saklanyp galanlaryň içinde Azerbaýjanyň, Gruziýany we Türkiýäniň üsti...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna owganystanly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagyny satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna we nah ýüplügi, matalar, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgileri ýerlenildi. Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Ermenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan gelen işewürler satyn...

2014