Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine garaldy. Hususan-da, wise-premýer Myratgeldi Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin...