Anna güni Bakuwyň Kongresler merkezinde Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna baran Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy. Azerbaýjanyň Baştutany Bitarap Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketi guramasynyň esasy ýörelgeleri bilen ugurdaş gelýän parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barýandygyna ýokary baha berdi. Bu gurama...