Habarlaryň arhiwi (2019-10-21)

Gurbanguly Berdimuhamedow 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow  anna güni geçirilen hökümet mejlisinde meýilleşdirilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabat berlişi ýaly, Türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak saparynyň degişli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň barşynda hem resminamalaryň birnäçesine gol...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, türkiýeli işewürler toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan...

2014