Habarlaryň arhiwi (2019-10-14)

Oktýabryň ortalarynda TOPH gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygynyň başlanmagynyň senesi ylalaşylar

Oktýabryň ikinji on günlüginde Pakistanyň we Türkmenistanyň resmi wekiliýetleri özara gepleşikleri geçirer. Olaryň barşynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygynyň başlanmagynyň senelerini kesgitlemek meýilleşdirilýär. Mundan öň şu ýylda taraplar eýýäm kabul edýän tarapyň hökümeti bilen Ylalaşyga (Host Government Agreement (HGA) gol çekdiler, indi bu Ylalaşygyň doly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýadan gelen işewürler...

2014