Habarlaryň arhiwi (2019-9-25)

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň tapawutlanan işgärlerine sylaglar gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda pudagyň iň gowy işgärlerine medallary gowşurmak dabarasy geçirildi. Baýraklary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow gowşurdy. Dabara «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary, nebitgaz toplumynyň işgärleri gatnaşdylar. Pudagyň dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan dürli kärleriniň wekilleri çeken zähmetlerine beren ýokary bahasy, türkmen halkynyň abadan hem bagtyýar...

Gurbanguly Berdimuhamedow: sanly tehnologiýalary nazara alyp, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamaly

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini aýtdy. Şoňa görä-de, bütin dünýäde sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident geljekki işleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi. Şoňa görä-de, birinjiden, ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwletimiziň...

9 aýda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 110 mlrd manada, ösüş depgini 6,3 göterime deň bolar

Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýylda, şol sanda şu ýylyň 9 aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň depginlerine baha berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň möçberi 110 milliard manada deň bolar. Şol bir wagtda ösüş depgini 6,3 göterim bolar. Jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagat pudagynyň paýy 32,6 göterime...

Prezident: ýangyç-energetika tehnologiýalaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeli

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika tehnologiýalaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerurdygyny belledi. Nebitgaz we energetika pudaklaryny ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutany pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze häzirki zaman toplumlaryny gurmaga uly ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberlerini...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini açdy

Şu gün Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizildi. Türkmenistanyň ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal döwlet garaşsyzlygyny jar...

2014