Sişenbe güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Türkmen Liderine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Angela Merkeliň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmenistan bilen uzak möhletli, giň gerimli hyzmatdaşlygy...