Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasryň arasynda geçirilen duşuşykda nebitgaz toplumy we ulag ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi. Duşuşygyň dowamynda ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ykrar edilen energetika döwletleri we tebigy gazy eksport edýän öňdebaryjy ýurtlar bolmak bilen,...