Owganystan iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde sebitiň döwletleri, hususan-da, doganlyk Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Bu barada Owganystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mirwais Nab Aşgabatdaky owgan ilçihanasynda Owganystanyň garaşsyzlygynyň 100-ýyllygy mynasybetli gurnalan dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda belledi. Owganystany gülläp ösýän döwlete öwürmäge gönükdirilen taslamalaryň hatarynda diplomat TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan...