Habarlaryň arhiwi ()

Government delegation of Turkmenistan to take part in St. Petersburg Economic Forum

A delegation of Turkmenistan led by Vice-Chairman and Foreign Minister Rashid Meredov arrived in St. Petersburg to participate in the International Economic Forum. This is reported on the website of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan. The Turkmen delegation will take part in the plenary session of the forum, as well as hold a number...

Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde maýa goýum mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

5-nji iýunda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Aziýa ylmy-gözlegleri boýunça Ýewropa instituty bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp, “Birinji Hazar ykdysady forumy: Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi üçin maýa goýum mümkinçilikleri” atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirildi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga Energetika Hartiýasynyň...

Mahaçkala portundan türkmen nebiti üstaşyr geçirilýär

2019-njy ýylda Hazardaky Mahaçkala deňiz söwda portundan bir ýarym million tonnadan gowrak türkmen nebiti iberildi. Şol bir wagtda, geçen ýylda geçen ýylda Mahaçkala portundan nebitiň iberilmegi iki esse ýokarlandy we iki million tonnadan geçdi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Murad Hidirow habar beriş serişdelerine aýtdy, diýip ORIENT belleýär....

«Messe Frankfurt» Türkmenistana daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmäge ýardam eder

«Messe Frankfurt» — halkara sergilerini gurnaýjy iri konsern Aşgabatda resmi wekilligini açdy. Bu kompaniýa ştab-kwartirasynynyň ýerleşýän ýeri bolan Maýn boýundaky Frankfurtda her ýylda 150-den gowrak söwda ýarmarkalaryny gurnaýar, şeýle hem Berlinde we dünýäniň beýleki şäherlerinde sergileri geçirýär, diýip ORIENT agentligi habar berýär. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Margaret Ýubberiň belleýşi ýaly, meşhur Frankfurt ýarmarkasynyň wekilliginiň Aşgabatda...

Türkmenistanyň Prezidenti: Oraza baýramy haýyr-sahawatlylygy, jebisligimizi dabaralandyrýar

Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-adatlary, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylyp hem-de kämilleşdirilip gelinýän ajaýyp baýramlaryň biridir, diýlip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oraza baýramy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda bellenilýär. «Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä...

Gruziýada Birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan «Tegelek stol geçirildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň M-100...

Türkmen gazy «Demirgazyk akymy – 2» üçin garaşsyz çeşme — bilermen

Türkmenistanyň tebigy gazy «Demirgazyk akymy – 2» gaz geçirijisini garaşsyz çeşmelerden gaz bilen doldurmak üçin iň gowy usuldyr. Bu barada russiýaly bloger Dmitriý Werhoturow Sputnik Gazagystan saýtynda ýerleşdirilen «Russiýa we Türkmenistan gaz gatnaşyklaryny gaýtadan dikeldýär — bu hemmeler üçin bähbitlidir» diýen materialynda belleýär. Makalanyň awtorynyň bilermen Waleriý Çumakine salgylanyp belleýşi ýaly, ÝB-niň Geňeşi şu ýylyň 15-nji...

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi. Ir bilen, GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň sammitiniň başlanmazynyň öňüsyrasynda, Gurbanguly Berdimuhamedow wagtyň geçmegi bilen gymmatlyga öwrülen GAZ-21 kysymly «Wolga» awtoulagyna erk edip, belent mertebeli myhmanyň sapary mahalynda kabulhanasynyň ýerleşen ýeri...

GDA döwletlerine geoykdysady mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak zerurdyr — Türkmenistanyň Prezidenti

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işlerini amala aşyrýar, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi. — Biziň ýurtlarymyz geografik taýdan birleşendir, umumy taryhy tejribä eýedir, şolary köpugurly ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär we biz üýtgäp durýan häzirki zaman şertlerinde öz mynasyp ornumyzy eýelemelidiris. Şol...

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini sebit energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin düzümde geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkalaşygyň döwletleriniň energetika ulgamynda köptaraply taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, GDA bilen gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana energiýa serişdelerini uzakmöhletleýin ibermek barada barýar. Arkalaşygyň birnäçe ýurtlary Ýewraziýada iň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň we...

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» XXIV Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk başlandy

29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurajak forumyny 22 — 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirmek bellenilýär. Wise-premýer şeýle hem  ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň...

Hazar gazynyň Ýewropa iberilmeginiň ähmiýeti ýyl geçdigiçe artar – GEDF-niň Baş sekretary

Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün etmekde Hazar sebitiniň ähmiýeti ýyl geçdigiçe artýar, diýip penşenbe güni Gazy eksport ediji döwletleriň Forumynyň (GEDF) Baş sekretary Ýuriý Sentýurin belledi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Ýewropa ýurtlarynda gazyň çykarylyşynyň pese düşmegi we ýangyjyň beýleki görnüşleriniň peýdalanylmagynyň çäklendirilmegi netijesinde Ýewropa kontinentini tebigy gaz bilen üpjün etmekde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň...

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär

Ertir, 31-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň...

Dmitriý Medwedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda mejlisinde russiýa wekiliýetine ýolbaşçylyk eder

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedow 31-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirýär, diýip Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär. Mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady we ynsanperwer ugry boýunça meseleleriniň giň toplumy giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň metbugat gullugynda habar berlişi...

2014