Düýn Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkeziniň maslahatlar zalynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygar astynda maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu çäre Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň — häzirki zaman senagat toplumynyň açylyş dabarasyna bagyşlandy. Duşuşygyň başynda Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy täze zawodyň işe girizilmegi mynasybetli gutlag sözüni aýtdy. Bu möhüm maýa goýum...