Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady. Türkmen Lideri Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi. Şu...