Habarlaryň arhiwi (2019-7-1)

Türkmenistanyň AÝGB-larynda EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 gaz benzini peýda bolar

Türkmenistanyň awtoulaglara ýangyç-guýujy beketleriniň birnäçesine EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 gaz benzini ýaýradylyp başlandy. Bu önüm 28-nji oýunda Ahal welaýatynda işe girizlen tebigy gazdan sintetiki benzin öndürmek boýunça zawodda öndürilip başlandy. EСО-93 benzininiň 1 litriniň bahasy 2 manat. Ol ýurdumyzda satylyp gelinýän A-95, A-92 we A-80 benzinlerinden gymmat. Awtoulagyndan bölünip çykýan uglerod oksidiniň möçberiniň bellenen kadalara...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 163-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar. Mundan başda-da, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden,...

Owadandepedäki zawodyň ekologik düzüjisi — geljek barada aladadyr — Piýa Skambelluri

— Deňi-taýy bolmadyk bu kärhananyň ulanylmaga berilmeginiň şeýle möhüm waka bolmagynyň örän köp sebäbi bar. Şol sebäpleriň esasysy bu taslamanyň ekologik tarapydyr hem-de biziň geljegimiz baradaky aladadyr diýip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň Ýewropa sebiti boýunça utgaşdyryjysy Piýa Skambelluri belledi. Galyndylary gaýtadan ulanmak boýunça täsin tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bu senagat desgasyny dünýäde iň arassa zawod...

Dünýäde ilkinji GTG zawody — Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň nyşany — Matsuşita Şinpeý

Habar berlişi ýaly, geçen hepdede Ahal welaýatynda senagat möçberlerinde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürjek dünýäde ilkinji zawody işe girizmek dabarasy bolup geçdi. Bu iri möçberli taslama «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan Ýaponiýadan hyzmatdaşlaryň işjeň gatnamagynda durmuşa geçirildi. — Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygynyň nyşany bolup durýan täze zawod türkmen ykdysadyýetiniň ösmegine düýpli goşant...

2014