Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda” karary kabul etdi. Şertnama şu ýylyň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň duşuşygy netijesinde gol çekildi. Owganystan bilen uzak aralyga serhetleşýän Türkmenistan goňşy döwletde parahatçylygy dikeltmek boýunça BMG-niň howandarlygynda gepleşikleri geçirmek başlangyçlary bilen birnäçe gezek çykyş etdi. Türkmenistan Owganystana has iri möçberli...