Habarlaryň arhiwi (2019-6-19)

Fitch: 2019-njy ýylda nebitiň bahasy 65 dollara deň bolar

«Fitch» analitik neşiriniň nebitiň we gazyň bahalary boýunça täzelenen çaklamasynda bellenilişine görä, OPEC+ döwletleri üýtgeşmeler girizip, nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakyndaky ylalaşygyň möhletini 2019-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldarlar, diýip Trend TASS agentligine salgylanyp habar berýär. «Biziň pikirimizçe, OPEC+ ylalaşygy azyndan şu ýylyň ahyryna çenli uzaldylar. Ýöne onuň düzgünlerine üýtgeşmeler giriziler. Netijede, biz bazaryň, umuman alanyňda, deňagramly ýagdaýda...

Türkmenistan dizel ýangyjynyň daşary bazarlara iberilmegini düýpli artdyryp biler — Turkmen Petroleum

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň treýding düzümi bolan «Turkmen Petroleum» kompaniýasy 2019-njy ýylda dizel ýangyjynyň ukrain bazaryna iberilmeginiň 40 göterim artyp, 250-260 müň tonna ýetmegine garaşýar. Bu barada Odessada geçirilýän «Black Sea Petroleum Trading 2019» forumynda kompaniýanyň operasion menejeri Çaryguly Ýuwşanow belledi, diýip ORIENT enkorr saýtyna salgylanyp habar berýär. Forumyň tematikasy nebit önümleriniň deňiz arkaly...

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

16-17-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde boldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň Prezidentiniň infrastrukturalar boýunça geňeşçisi, Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň owgan böleginiň...

2014