Habarlaryň arhiwi (2019-1-21)

Lebap welaýatynda täze agyz suw ýatagy hasaba alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde agyz suw ýatagy ýüze çykaryldy. Bu barada 18-nji ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagynyň umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpjün...

Türkmenistanyň Prezidenti Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň ýedi ýyllyk maksatnamasyny taýýarlamakda ileri tutulýan ugurlary kesgitledi

Geçen anna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagyň esasy ugurlary seredilip geçilen esasy meseleleriň biri boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, pudagy diwersifikasiýa...

OPEC we OPEC+ ministrleriniň nobatdan daşary duşuşygy 17-18-nji aprelde geçiriler

OPEC döwletleriniň ministrleriniň nobatdan daşary mejlisi 17-nji aprelde Wenada geçiriler. 18-nji aprelde OPEC we OPEC däl döwletleriň ministrleriniň duşuşygy geçiriler, diýlip guramanyň saýtynda habar berilýär. 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda OPEC we OPEC däl döwletler tarapyndan ýarym ýyl möhlet bilen nebitiň çykarylyşyny 2018-nji ýylyň oktýabryndaky görkeziji bilen deňeşdireniňde günde 1,2 mln barrel çäklendirmek, bu çözgüde aprelde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Şwesariýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini, uçar, tehniki hem-de yşyklandyryş kerosini, nebit koksuny, binýatlaýyn ýagy, Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda işlenip çykarylan polipropilen...

2014