Habarlaryň arhiwi (2018-10-1)

Türkmenistan Hazar deňzinde täze taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär — Gurbanguly Berdimuhamedow

Hazar deňzinde täze taslamalary durmuşa geçirmek — bu geljege maýa goýmakdyr, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda eden çykyşynda belledi. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, 12-nji awgustda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilenden soňra, Hazar sebitiniň ägirt uly ulag-üstaşyr we energetika mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikler açyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň...

Nebit gymmatlamagyny dowam edýär: «Brent» - $83,18, «WTI» - $73,53

Nebitiň dünýä boýunça bahalary 1-nji oktýabrda ýokarlanmagyny dowam edýär. Moskwa wagty bilen 7:44-dt «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,53 göterim ýokarlanyp, 83,18 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,38 göterim gymmatlap, 73,53 amerikan dollaryna barabar boldy. Anna gününiň netijeleri boýunça «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 1,7 göterim ýokarlanyp, 82,73 amerikan dollaryna deň...

Türkmenistan BMG 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Ynanyşmak ady bilen geçirmegi teklip etdi

Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasyna Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň arasynda özara düşünişmekligi berkitmeklige we dünýäde ynanyşmak krizisini aradan aýyrmaklyga ýardam berjek sessiýa hökmünde garaýar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda eden çykyşynda belledi, diýip TDH habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri 2019-njy ýyly Parahatçylyk we ynanyşmak ady bilen geçirmek...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini hem-de “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar....

2014