Habarlaryň arhiwi (2018-10-9)

Özbegistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagy maksat edinýär — Şawkat Mirziýoýew

Özbegistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagy maksat edinýär. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär. Özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem pugtalandyrylmagynyň, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň biziň halklarymyzyň bähbitlerine, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumy...

HPG 2018-2019-njy ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny az-kem peseltdi

Halkara pul gaznasy (HPG) 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllar üçin nebitiň dünýä boýunça bahalarynyň çaklamasyny az kem peseltdi — degişlilikde, 69,38 dollar we 68,76 dollar. Bu barada Gaznanyň dünýä oktýabrdaky ykdysadyýeti boýunça World Economic Outlook hasabatynda bellenilýär. Bu barada Praým habar berýär. 2018-nji ýylda nebitiň ortaça bahasy boýunça çaklama 0,85 dollar, 2019-njy ýyl üçin 0,23 dollara pese...

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Söhbetdeşler özara hormat, netijeli we strategik hyzmatdaşlyk esasynda guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, russiýaly kärdeşini düýn bellän doglan güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk...

2014