Habarlaryň arhiwi (2019-1-24)

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» DK-a iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny...

Prezident «Türkmennebit» DK-nyň işindäki kemçilikleri belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işi dogrusynda hem bellenilip geçildi. Mejlisiň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew nebitiň çykarylýan mukdaryny hem-de uglewodorod çig malynyň gorlaryny artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze guýulary gurmak hem-de “ýerasty guýulary” düýpli abatlamak, ulanylýan känleriň önümliligini...

«Türkmengaz» «Petrotech — 2019» halkara sergisinde maýa goýum taslamalaryny hödürlär

«Türkmengaz» döwlet konserni 10 — 12-nji fewralda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisine hem-de maslahatyna gatnaşar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow foruma taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu uly maslahatda dünýäniň iri kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum...

2014