Habarlaryň arhiwi (2019-8-20)

Daşary ýurtly maýadarlar Türkmenistanda tebigy gazdan metanol öndürýän zawody gurmagy teklip etdiler

Ýewropanyň “Edison Technologies”, “MMEC Mannesmann GmbH” we “Air Liquide Global E&C Solutions” hem-de Hytaýyň “SINOPEC Engineering Group” kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium Türkmenistanda tebigy gazdan metanol öndürjek zawod boýunça maýa goýum taslamasyny hödürledi. Bu iri möçberli taslama 11–12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda prezentasiýa edildi. — Metanoly himiýa, plastika, faner, boýag,...

Özbegistanyň awtomobil senagaty Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin 800 sany awtobus getirer

Türkmenistan nebitgaz pudagy üçin Samarkand awtomobil zawodynda öndürilýän «ISUZU» kysymly awtobuslaryň 800 sanysyny satyn almagy meýilleşdirýär. «Özbegistanyň täzelikleri» internet-neşiriniň habar bermegine görä, bu barada ylalaşyk Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gazanyldy. — Awtobuslar nebitgaz pudagynyň wahtalaýyn usulda zähmet çekýän işçilerini gatnatmak üçin niýetlenendir — diýip dilerlik kompaniýasynyň...

HYF-2019 — Hazar Konwensiýasynyň ilkinji miweleriniň biri — bilermen

«Awazada» geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamyndan ykdysady ugurly özara bähbitli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçiriler, diýip hukuk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan hukukçysy, professor Myrat Haitow belleýär. Bu barada CentralAsia.news habar berýär. — Bir ýyl mundan öň, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň liderler Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol...

2014