Habarlaryň arhiwi (2018-10-22)

Täze gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy uly baýramçylyk ýagdaýynda geçdi, - Joý SULKI, «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň menejeri.

– Men Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşiniň taryhyna gürrüňsiz girjek ajaýyp wakanyň şaýady bolandygym üçin örän bagtlydyryn. Siziň ýurduňyzyň ösüş ýolunda gazanan üstünlikleri daşary ýurtly myhmanlary örän haýran galdyrdy. Täze gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy uly baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Bu ýerde türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän halk amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi...

Gyýanlynyň polimer zawody ykdysady nukdaýnazardan örän netijelidir, - Tarik SEÝDI, «News Central Acia» täzelikler agentliginiň redaktory.

– Men Türkmenistanda 2003-nji ýyldan bäri işleýärin hem-de siziň ýurduňyzyň ösüşini aýratyn guwanç bilen synlaýaryn. Internet neşirimizde giňden beýan edilýän üstünlikleriňize tüýs ýürekden begenýärin. Soňky döwürde ýurduňyzyň nebitgaz pudagynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, onuň ösmegine uly ähmiýet berilýär. Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň açylmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny...

Nebit gymmatlamagyny dowam edýär, «Brentiň» bahasy 80,02 dollar

Duşenbe güni irden nebitiň bahalary az-kem ýokarlanmagyny dowam etdi. Maýadarlar ABŞ-da nebit çykarylyşynyň derejesini we Liwiýada nebit çykarylyşynyň geljegini bahalandyrýarlar. Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,3 göterim gymmatlap, 80 amerikan dollaryna deň boldy. Anna güni söwdanyň barşynda onuň bahalary 0,62 göterim ýokarlanyp 79,78 dollara deň bolupdyr. Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI»...

OPEC nebitiň çykarylyşyny artdyryp bilmedi

OPEC-iň ştab-kwartirasy öz agzalarynyň we hyzmatdaşlarynyň nebitiň çykarylyşyny garaşylyşy ýaly artdyryp bilmäge ukypsyzdyklaryny yglan etdi. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp IRNA habar berdi. Guramanyň tehniki wekiliýetiniň gün tertibinde duran resminama Eýranyň dünýä bazarynda tutýan ornuny tutmak mümkinçiliginiň ýokdugyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Reýteriň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň iýun aýynda sammitde OPEC-iň agzalary we hyzmatdaşlary nebitiň...

Saud Arabystany TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin goşmaça maýa goýum serişdelerini bölüp berer

Saud Arabystany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy üçin goşmaça maýa goýum serişdelerini bölüp berer. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde belleýşi ýaly, 16 — 18-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisinde Saud Arabystany Patyşalygynyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Estoniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit ýol bitumuny satyn aldylar. Şweýsariýadan, Gonkongdan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan...

2014