Türkmenistan we Katar ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasryň arasynda geçirilen duşuşykda nebitgaz toplumy we ulag ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi. Duşuşygyň dowamynda ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ykrar edilen energetika döwletleri we tebigy gazy eksport edýän öňdebaryjy ýurtlar bolmak bilen, bu wajyp ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýän ulag-üstaşyr ugurlarynyň halkara düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalaryň wajyp ähmiýete eýedigi bellenildi.

Prezident dostlukly türkmen-katar gatnaşyklaryna birek-birege hormat goýmak we netijeli häsiýetiň mahsusdygyny belledi.

Дипломат отметил заинтересованность Катара в активизации межгосударственного диалога. В свою очередь, Гурбангулы Бердымухамедов подчеркнул, что туркмено-катарским отношениям присущ дружественный и конструктивный характер.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň mart aýynda Katar Döwletine bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň 2016-njy ýylda Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň martynda Katara resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň iri maliýe-maýa goýum düzümlerini Türkmenistanyň maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, gazy, nebiti gaýtadan işleýän täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygyna, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebit we gaz känlerini özleşdirmäge, nebitgaz toplumy üçin enjamlary satyn almaga gatnaşmaga çagyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014