TOPH: gaz geçirijiniň türkmen böleginde işleriň depgini artýar

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri TOPH transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna ýokary depginler bilen gatnaşýarlar.

Turba geçirijileri gurmak boýunça gymmatbahaly tejribäni müdirligiň işgärleri «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisini gurmagyň barşynda topladylar. Bu tejribe müdirligiň işgärleriniň turba geçirijini geçirmek, ony gurnamak we zerur bolan infrastrukturany döretmek boýunça işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirjekdiklerine özboluşly kepil boldy.

Bölünip berlen meýdançada işler bellenilen tertibe laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda esasy işler 120-nji kilometrde ýaýbaňlanýar. Bu ýerde «KOMATSU», «KATERPILLER» kompaniýalarynyň kuwwatly tehnikalary, şeýle hem häzirki zaman kebşirleýji enjamlar jemlenildi.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan taslamalarynyň hatarynda durýar. Işe girizlenden soňra, bu energetika geçelgesi sebit özara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarar, Merkezi we Günorta Aziýada gülläp ösüşe getirer.

Meňzeş täzelikler

2014