Gruziýanyň uçarlary TNGIZT-niň awiaýangyjy bilen hereket edýär

Gruziýa awia ýangyjynyň importynyň tutuş möçberi Türkmenistandan import edilýär. Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşmesiniň habar bermegine görä, Gruziýa oktýabr aýynda satyn alan uçar ýangyjynyň 100%-ini Türkmenistandan import etdi.

Bellenilişi ýaly, Gruziýa oktýabr aýynda Türkmenistandan 2,100 tonna uçar ýangyjyny import etdi.

Türkmenistanyň eksport edýän uçar kerosini Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýär. Toplumyň öndürýän TS-1 we Jet A-1 kysymly uçar ýangyjy “Turkmen Petroleum” kompaniýasy tarapyndan daşarky bazarlara ýerlenilýär.

TNGIZT-niň awiakerosini Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna yzygiderli çykarylýar. Biržanyň duşenbe güni çykaran kotirowkasyna görä, TS-1 kysymly awiakerosiniň bir tonnasy 350 amerikan dollaryndan satylýar.

“Turkmen Petroleum” kompaniýasy şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda TNGIZT-iň önümleriniň 500 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratdy. Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda kompaniýa tarapyndan ýerlenilýän önümleriň sanawyna ýangyç mazudy, A-92 görnüşli awtoulag ýangyjy, dizel ýangyjy, şol sanda EKO-5 kysymly dizel ýangyjy girýär.

Meňzeş täzelikler

2014