«Türkmengaz» «Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy dowam eder

Döwlet konserni Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Haldor Topsoe» ýurdumyzda nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmakda, önümçilige öňdebaryjy usullary, innowasiýalary, tehnologiýalary ornaşdyrmakda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň dürli döwletleri we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Ýurdumyz däp boýunça gatnaşyklary özara peýdaly we ikitaraplaýyn gyzyklanmalar esasynda ýola goýýar. Şonuň bilen baglylykda, türkmen Lideri tebigy gazy we beýleki tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

Belläp geçsek, «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň TIGAS innowasion tehnologiýalary geçen tomus Ahal welaýatynda işe girizlen tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda dünýäde ilkinji gezek senagat möçberde peýdalanyldy. Bu innowasiýa ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşyklylykda Ýewro-5 ülňülerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjynyň önümçiligini üpjün edýär.

«Türkmengaz» DK-nyň «Kawasaki Hemi Indastriz» (Ýaponiýa) we «Renessans» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen şertnamasy esasynda gurlan zawod «mawy ýangyjyň» 1 mlrd 785 mln kub metrini gaýtadan işlemäge we «EKO-93» kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge, şeýle hem dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny çykarmaga niýetlenendir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň oktýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» DK «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» we «Sojitz Corporation» ýapon kompaniýalary bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu resminama benzin öndürmek boýunça zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014