Milanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy tanyşdyryldy

Çarşenbe güni Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýeti italiýaly işewürleri TOPH taslamasy we onuň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem taslamanyň tehniki, satyn alyş, jemgyýetçilik we maliýe ýagdaýlary barada aýdyldy.

Hususan-da, habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni gaz geçirijiniň türkmen böleginiň 100 kilometrini gurdy. TOPH-nyň owgan we pakistan böleginiň uzynlygy 1635 kilometrden ybarat bolup, bu iki ýurduň hersinde 3 sany gaz saýlaýan beket hereket eder.

Taslamanyň sebit üçin möhüm ykdysady ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. TOPH Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin düýpli itergi berer. Birinjiden, tebigy gaz arkaly elektrik energiýasynyň önümçiligi dizel ýangyjyny we mazudy peýdalananyňdan has arzan; ikinjiden, tebigy gaza bolan mümkinçilik senagatlaşmany we maýa goýumlary höweslendirer; üçünjiden, Owganystan we Pakistan üstaşyr geçirendikleri üçin milliardlarça ýygym alarlar.

Ulanyş boýunça potratçylardyr gaz geçirijä tehniki hyzmat edijiler hem düýpli ykdysady bähbitleri alarlar.

Garaşylyşy ýaly, TOPH gaz geçirijisi Owganystanda we Pakistanda 40 müňden gowrak iş orunlaryny döreder. Olaryň aglaba bölegi gurluşyk, ulanyş, hyzmat ediş we gaz geçirijiniň howpsuzlyk üpjünçiligi bilen meşgul bolarlar. Gaz geçiriji şeýle hem bu ýurtlaryň senagatlaşmagy we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin itergi bolar.

Taslama halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň giň goldawyna eýedir.

Ony durmuşa geçirmäge Italiýanyň maýadarlary we gurluşyk kompaniýalary çagyryldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014