Türkmenistanyň «EKSPO – 2020-ä» gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň DIM-de «EKSPO – 2020 Dubaý» Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistandan wekilleriň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisiniň möhümligi barada pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň «EKSPO-2020-de» gatnaşmagynyň diňe bir türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň geljekde berkemegine goşant goşman, eýsem dünýä bileleşigini Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdyrjakdygy we türkmen halkynyň baý medeniýetini görkezjekdigi barada bellediler.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda Dubaý şäherinde (BAE) geçiriljek «EKSPO – 2020» sergisinde milli ekspozisiýasyny görkezer.

Bu halkara sergä gatnaşmagy Türkmenistanyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmäge ýardam eder, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüşiniň maksatnamalaýyn esaslary bilen tanyşdyrar, şeýle hem ýerli tehnologiýalaryň, ylmy oýlap tapyşlaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň daşarky bazarlara çykarylmagyny üpjün eder.

«EKSPO – 2020» täze gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlarda tejribe alyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge oňat mümkinçilik berer.

 

Meňzeş täzelikler

2014