Bilermen tebigy gazy çykarmakda we eksport etmekde Türkmenistanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi

Dünýäniň gaz ätiýaçlyklarynyň 10,1% eýelik edýän Türkmenistan gazyň ätiýaçlyklarynyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Bu barada SNG.Today maglumatlar portalynyň Türkmenistan boýunça ykdysady bilermeni, synçysy Walentin Trapeznikowyň tebigy gazyň dünýä bazarynyň ösüş tendensiýalaryna bagyşlanan publikasiýasynda bellenilýär.

«BP-niň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda bu görkeziji boýunça Russiýa liderdi — 35 trln kub metr gaz ýa-da dünýä ätiýaçlyklarynyň 18,1 göterimi. Ikinji ýerde Eýran — 33,2 trln kub metr gaz (17,2 göterim), üçünji ýerde Katar — 24,9 trln kub metr (12,9 göterim).

Dünýä gaz ätiýaçlyklarynyň 10,1 göterimine eýelik edýän Türkmenistan dördünji ýerde. Ondan soňra ABŞ we Saud Arabystany — 4,5 göterim we 4,2 göterim» - diýip Trapeznikow belleýär.

BP-niň hasabatlaryna görä, 2017-2018-nji ýyllar tebigy gaz öňe saýlandy. Umuman alanyňda, dünýä boýunça bu döwürde 3,68-den 3,87 trln kub metrden gowrak gaz çykaryldy. Bu babatda Demirgazyk Amerika liderdir – 1 trln metr kub. Bu sebit boýunça gazyň aglaba bölegini ABŞ çykarýar. Ol dünýä möçberleriniň 20 göterimini çykarýar.

Bu görkeziji boýunça iki orunda GDA döwletleri gelýär — 2018-nji ýylda 850 mlrd kub metr, galyberse-de, Russiýa bu görkeziji boýunça öňdeligi eýeleýär – 670 mlrd kub metr ýa-da dünýä möçberiniň 17 göterimi. Üçünji ýerde 680 mlrd kub metr bilen Ýakyn Gündogar sebiti durýar. Bu ýerde Eýran öňdeligi eýeleýär. Ol her ýylda 240 mlrd kub metr ýa-da dünýä çykarylyşynyň 6,1 göterimini çykarýar.

Türkmenistanyň Döwlet statistik maglumatlaryna laýyklykda, soňky iki ýylda 70 mlrd kub metrden gowrak gaz öndürilýär, ol dünýäniň gaz çykaryş möçberiniň 2 göterimini düzýär. Muňa garamazdan, ýurduň mümkinçiligi has uly. Gaz ätiýaçlyklarynyň subut edilen gorlary, öň hereket edip ýören gaz geçirijileriniň taslama kuwwatlylygyna çykarylmagy we täzeleriniň gurulmagy gaz çykarylyşyny artdyrmagyň aýdyň mysalydyr – diýip Trapeznikow belledi.

2017 we 2018-nji ýyllarda gazyň sarp edilişi 96 we 195 mlrd kub metr ýa-da 3 göterim we 5,3 göterim artdy. Üstesine, 2018-nji ýylda baryp 1984-nji ýyldan bäri iň çalt ösüş depgini gazanyldy. Bu ýagdaý, esasan, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Russiýanyň we Eýranyň gazyň sarp edilişini degişlilikde, 78, 43, 23 we 16 mlrd kub  metr artdyrmagy bilen üpjün edildi.

Hususan-da, Hytaýda 2018-nji ýylda gazyň sarp edilişi 18 göterim artdy. Bu esasan ýurtda ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak bilen baglylykda, kömürden gaza geçmekligi höweslendirmek boýunça syýasatyň dowam etdirilmegi bilen baglydyr.

Turba geçiriji gazyny eksport edýän iň iri döwlet Russiýadyr — 2017 we 2018-nji ýyllarda degişlilikde, 215 we 225 mlrd kub metr. Bu gazyň 86-88 göterimi Russiýa, galan bölegi bolsa, GDA döwletlerine iberildi.

— Statistik maglumatlara görä, Türkmenistan seljerilýän döwürde her ýylda 38 mlrd kub metr gaz eksport etdi. Şol bir wagtda gazy eksport etmekde Türkmenistanyň mümkinçilikleri örän ýokarydyr. Hytaýa geçýän gaz geçirijiniň dört şahasynyň hem işe girizilmegi Hytaýa iberilýän türkmen gazynyň möçberleriniň azyndan 60-70 mlrd kub metre ýetirilmegine getirer. 2019-njy ýylda ýyllyk 5 mlrd kub metr möçberde Russiýa gaz ibermeklik gaýtadan ýola goýuldy. Geljekde bu görkeziji birnäçe esse artyp biler. Eýrana geçýän iki sany gaz geçirijiniň kuwwatlyklary 20 mlrd kub metre barabardyr» - diýip bilermen belledi.

Onuň pikirine görä, gurluşygy alnyp barylýan TOPH gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilmegi bilen Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri ýene-de 33 mlrd kub metr artar. Ahyrsoňunda, Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşy geçirilmegi bilen bolsa, Türkmenistan her ýylda Ýewropa Bileleşigine 30 mlrd kub metr gaz iberip biler. Şeýlelikde, geljekde Türkmenistanyň gaz eksportynyň jemi möçberi 150-160 mlrd kub metre barabar bolup biler. Bu bolsa ony dünýäde iň iri gaz iberiji edip biler.

Gazyň düýpli sarp edilişiniň Hytaý, Hindistan, Günorta Koreýa ýaly ýurtlara geçýändigini belläp geçmeli, diýip bilermen hasaplaýar. Onuň pikirine görä, şu şertlerde gaz eksportynyň ugruny Günbatardan Gündogara tarap tiz ýola goýup biljek gaz iberijiler utuşly ýagdaýda bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, eýýäm bu hili özgertmelere girişen türkmenistanyň mümkinçilikleri geljekde has hem ýokarlanyp biler.

 

Meňzeş täzelikler

2014