Türkmenistanda gazturbinalarynyň we beýleki elektrik enjamlarynyň abatlaýyş işlerini ýola goýarlar

«Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) we «Çalik Enerji Swiss AG» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy Türkmenistanyň energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasy bilen şertnama laýyklykda, ýurdumyzda energetika enjamlarynyň abatlaýyş we serwis hyzmat merkezini gurarlar.

Döwlet Baştutanynyň degişli karary esasynda, desga 2022-nji ýylda ulanyşa giriziler. Häzirki wagtda taýýarlyk we gurluşyk-gurnama işleri başlandy.

Potratçy Orta Aziýa sebitinde serwis hyzmaty, ilkinji nobatda, elektrik beketlerinde ornaşdyrylan gaz turbinalarynyň serwisi boýunça iri häzirki zaman ýokary tehnologik binýady döretmeli bolar, elektrik generatorlaryň, dürli kuwwatlykly transformator podstansiýalarynyň, elektrik şitleriniň we beýleki elektrik enjamlarynyň abatlaýyş işlerini özleşdirmeli bolar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň diňe generirleýän desgalarynda General Electric (ABŞ) kompaniýasynyň öndüren dürli kuwwatlykly 32 sany gaz turbinalary ulanylýar.

Mundan öň, gaz turbinalarynyň serwis ideglerini General Electric kompaniýasy geçirýärdi. Ulanyşa girizilenden soňra ýöriteleşdirilen merkez enjamlaryň nominal ölçegleriniň dikeldilmegi we ätiýaçlyk şaýlaryny çalyşmak bilen meşgullanar. Munuň üçin Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde 4000 inedördül metrden gowrak meýdanda birnäçe sehler gurlar. Olar öňdebaryjy önüm öndürijileri, şol sanda General Electric kompaniýasynyň ýokary tehnologik stanoklary bilen enjamlaşdyrylar.

Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, gaz turbinalarynyň abatlaýyş işleri üçin potratçy ätiýaçlyk şaýlarynyň 16 toplumyny getirer. Bu bolsa düýpli gazna döretmäge mümkinçilik berer.

Serwis ideginiň ýola goýulmagy, öz wagtynda we ýokary hilli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi netijesinde gaz turbinalarynyň hereket ygtybarlylygy artar, dikeldiş işleriniň möhletleri we nyrhy azalar, täze iş orunlary dörediler.

 

Meňzeş täzelikler

2014