Seýdiniň NGIZ ýol bitumynyň önümçiligini artdyrýar

2019-njy ýylyň 9 aýynda Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumynyň 24,3 müň tonnasy öndürildi. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 3,5 müň tonna artykdyr, Geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 112 göterime deň boldy.

Ýol bitumyny öndürmek boýunça täze tehnologik desga Seýdiniň NGIZ-de 2015-nji ýylyň 16-njy fewralynda işe girizildi. Taslama «Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Onuň ýyllyk kuwwaty 118 müň tonna mazuty gaýtadan işlemäge we ondan 37,2 müň tonna ýokary hilli nebit ýol bitumyny öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanda bu desga wisbreking (nebiti bir gezekleýin ýokary temperaturada gaýtadan işlemek we onuň fraksiýasy) prosesi amala aşyrylan birinji desga bolup, ol parafini gudrondan bölüp we ýaýradyp, agyr nebit galyndylaryny gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Desga demir ýol we awtomobil estakada eýedir. Bu ýerde barýan wagonlarda ýyladyş ulgamy bolýar, ulaglaryň göwrümi bolsa – ýolda bitum siwamaz ýaly termodurnuklylyga eýedir.

Seýdiniň NGIZ-niň bu önümi Lebap we Mary welaýatlarynda, şeýle hem paýtagtymyzda ýollary çekmek üçin ulanylýar.

Seýdiniň bitumy eýýäm üçünji ýyl bäri goňşy Özbegistana iberilýär. Şu ýyl demir ýol arkaly goňşy döwlete bu önümiň 8 müň tonnadan gowragy iberildi. Şertnama laýyklykda, Kyzyl-tepe we Buhara demir ýol menzillerine 10 müň tonna ýol bitumy getiriler.

 

Meňzeş täzelikler

2014