«Dragon oil» Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirýär

«Dragon oil» kompaniýasy (Birleşen Arap Emirlikleri) Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň bir gije-gündizde ortaça gazylyp alynýan möçberini 10 esseden gowrak artdyrdy. Bu bolsa ýurdumyzyň uglewodorodlarynyň deňiz känlerini özleşdirmekligiň uly meýilnamasynyň barydygyny tassyklaýar.

Kompaniýa «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde önümleri bölüşmek baradaky şertnamanyň esasynda uglewodorod çig malyny 2000-nji ýyldan bäri gazyp alýar. Geçen döwürde «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebit känleriniň infrastrukturasyny kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça işleriň uly göwrümi ýerine ýetirildi, diýip kompaniýanyň işewürligi goldamak boýunça direktory Ibragim Parkuýew belledi.

«Jygalybeg» we «Jeýtun» känlerinde täze guýularyň burawlanmagy we öňden ulanylyp gelinýänleriniň düýpli abatlanylmagy netijesinde kompaniýa 2000-nji ýyl bilen deňeşdireniňde gündelik ortaça uglewodorod önümçiligini 10 esseden gowrak artdyrmagy başardy, diýip Parkuýew aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa bu ýeten derejesinde saklanman, uglewodorodlaryň çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Geçen hepdede Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» halkara sergisinde «Dragon oil» kompaniýasy sergä daşary ýurtlardan gelen köp sanly myhmanlara ýurtda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde zerur bolan ykdysady we hukuk şertleriniň ählisiniň döredilendigini aýtdy. Bu şertler daşary ýurt işewürligi üçin amatly maýa goýum ýagdaýlaryny döredýär. Türkmenistanda salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin düýpli goldaw berilýär.

Parkuýew Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz känlerini özleşdirmekde hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny nygtady. Hut şonuň üçin hem «OGT – 2019-da» oňa gatnaşyjylarda Hazarda taslamalary amala aşyrmak üçin zerur bolan kenarýaka infrastrukturalary emele getirmek mowzugy aýratyn gyzyklanma döretdi.

«Dragon oil» kompaniýasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, pudalaýyn sergide bu mowzuk boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklar hem aýratyn ähmiýetli boldy. Bu duşuşyklarda geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

«OGT – 2019-da» kompaniýanyň diwarlygy iki dostlukly döwletiň arasynda energetika ulgamynda iri halkara hyzmatdaşlygynyň has hem berkidilýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Meňzeş täzelikler

2014