«Türkmengaz» DK-nyň Okuw merkezi — pudagyň hünärmenleriniň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ugur

Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkezinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleri hünär derejesini üstünlikli ýokarlandyrýarlar. Gysga möhletleýin öwrediji kurslar pudagyň kärhanalarynyň işiniň dürli ugurlary boýunça geçirilýär.

Hünär derejesini ýokarlandyryş maksatnamalary hünär işini alyp barmak üçin zerur bolan täze bilimleri we başarnyklary almaklyga we kämilleşdirmeklige gönükdirilendir. Bilim maksatnamasynyň dowamlylygy 72 sagada niýetlenendir. Bu okuw maksatnamasyny diňleýjiler iki hepdäniň dowamynda özleşdirýärler. Sentýabr-oktýabr aýlarynda 2 tapgyrda okuwlar geçirildi. olaryň her birinde diňleýjiler üç ugur boýunça okuw geçdiler.

Häzirki wagtda şu ýylyň sentýabryndan işläp başlan Merkeziň diňleýjileriniň sany 230 adamdan geçdi. Bu ýerde ýurduň känlerini işläp taýýarlamakda işjeň ornaşdyrylýan innowasion enjamlary we tehnologiýalary tiz we ýokary derejede özleşdirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Okuw merkezinde kämil enjamlaşdyrylan ugurdaş barlaghanalar ýerleşdirilipdir, hünärini ýokarlandyrýan her bir diňleýji üçin buraw enjamlarynyň, guýularyň, turbageçirijileriň we kompressor beketleriniň işini görkezýän personal elektrotehniki diwarlyklar bar. Olar dürli hadysalary emele getirmäge we okuwyň çäklerinde häzirki zaman enjamlarynyň iň netijeli hereket etmegini üpjün edip, iň amatly usuly tapmaga ýardam edýär.

Okuw merkezinde şeýle hem maslahatlar zaly, aşhana, dynç alyş otaglary — umuman, okuw işini we mugallymlaryň işini netijeli gurnamak üçin ähli şertler üpjün edilendir. Okuw sapaklaryny diňe bir merkeziň mugallymlary däl, eýsem, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňdebaryjy, tejribeli işgärleri we professorlar hem çagyrylýar.

Merkezde nebitgaz toplumynyň dürli hünärlerini özleşdirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan okuw otaglary hereket edýär.

Okuwlar tamamlanandan soňra diňleýjiler synag barlagnamalaryny tabşyrýarlar we onuň netijeleri boýunça okuw geçendikleri hakynda iki dilde şahadatnama alýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014