Prezident: TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamaly

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen şenbe güni geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini çekmekdäki işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu transmilli energiýa geçirijisiniň türkmen böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TOPH taslamasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Bu taslama möhüm ykdysady we durmuş wezipelerini çözmek nukdaýnazaryndan örän bähbitli bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşiň aýrylmaz ýagdaýy hökmünde energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny kemala getirmekde hem anyk goşant bolup durýar.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan başy başlanan bu gaz geçirijiniň gurluşygy milli energetika strategiýany durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky anyk ädimdir. Şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň has oňaýly sazlaşmagynyň esasynda energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutany nygtady. Türkmen topragynda «mawy ýangyjyň» bar bolan ägirt uly gorlary umumy ykrar edilip, şol sanda abraýly halkara bilermenler tarapyndan tassyklanyp, ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin ibermegi kepillikli üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Tebigy gaza isleg bolsa hemişe ýokarydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň hoşniýetli syýasy erkiniň birleşdirilmegi babatda deňsiz-taýsyz boljak TOPH taslamasynyň netijeli gatnaşyklary, dostlukly we hoşniýetli hyzmatdaşlygy, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem giň sebitleýin özara hereketlere itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmen Lideri TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşyny we umuman, bu taslamanyň amala aşyrylyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Prezident wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014