GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijesinde birnäçe möhüm resminama gol çekildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň Aşgabat sammiti GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy bilen jemlenildi.

Şolaryň hatarynda: GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi bar.

Şeýle hem 2020-nji ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmek hakyndaky, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakyndaky hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary hakynda we beýleki resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Lideri ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň her biriniň hem-de tutuş Arkalaşygyň durmuş-ykdysady kuwwatyndan has doly peýdalanmaga, olaryň deňhukukly, özara bähbitli we toplumlaýyn ösüşini giňeltmäge, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary durnukly ösdürmäge GDA döwletleriniň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny pugtalandyrmaga, ýurtlarymyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz şu gün Türkmenistanyň girizen GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamany goldan kärdeşlerine – GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu resminamanyň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek, GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Şu gün beýleki resminamalaryň hatarynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi kabul edildi. Häzirki şertlerde bu resminama aýratyn ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady.

Mejlisi tamamlamak bilen, Türkmenistanyň döwlet Baştutany resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga, geçirilen çäreleri taýýarlamaga hem-de guramaga gönüden-göni gatnaşan we şeýlelikde, ýurdumyzyň üstünlikli başlyklyk etmegine ýardam eden GDA-nyň hemme edaralaryna, ähli bilermenlerine, wezipeli adamlara we işgärlere minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki netijeli iş üçin hemmelere köp sag bolsun aýdyp, Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Meňzeş täzelikler

2014