Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini Owganystandaky ykdysady taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat esaslaryny döretmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady taslamalary amala aşyrmakda Owganystana dostlukly döwletleriň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Şu maksatlar bilen häzir biziň ýurdumyz owgan hyzmatdaşlar bilen bilelikde halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem Owganystanyň çäklerinde demir ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi bu ýurdy Türkmenistanyň üsti bilen Ýewraziýa yklymynyň giň gerimli geoykdysady giňişligi bilen birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Türkmenistan mekdepleri, hassahanalary hem-de beýleki durmuş ähmiýetli desgalary gurmak, ynsanperwer kömegini yzygiderli ibermek arkaly owgan ilatyna yzygiderli esasda ynsanperwer kömegini berýär. Syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegine hut şunuň ýaly toplumlaýyn çemeleşme, biziň pikirimizçe, owgan meselesini geljekde-de netijeli çözmäge mümkinçilik berer diýip, Türkmen Lideri nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany owgan meselesinde Arkalaşygyň döwletleriniň utgaşykly işlemeginiň esasy ugurlaryny kesgitlemek babatda ýakyn wagtda GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygy barada aýtdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014