Ýangyç-energetika toplumynyň 9 aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň edaralarynyň 2019-njy ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen wise-premýer Ministrler Kabinetiniň 4-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň jemleri barada çykyş etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren şol mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işiniň netijelerine baha berildi, şeýle hem olaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Soňra Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew 2019-njy ýylyň 9 aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Tebigy gazyň, gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan  gazyň we pudagyň kärhanalarynyň beýleki önümleriniň önümçiligi barada maglumat berildi. Hasabat döwründe tebigy gazyň we gaz kondensatynyň önümçiligi düýpli ýokarlandy. Şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli polimer önümleriniň önümçiligi artdyryldy. Daşary ýurtly we ýerli sarp edijileriň içinde Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän kärhananyň önümleri hem uly islegden peýdalanýar.

Mejlisiň barşynda şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hem maglumatlar getirildi.

Soňra «Türkmennebit» DK-nyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji J.Orazow gözleg, burawlamak we täze, şeýle hem hereket edip ýören guýularyň önümçiligini artdyrmak işleri barada aýtdy. Şeýle hem nebit önümleriniň giň toplumynyň eskportyny artdyrmak boýunça habar berildi.

Toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Seýdiniň NGIZ-de toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi barada durup geçdiler, şeýle hem täze guýulary özleşdirmek hem-de hereket edip gelýän Uzynada, Altyguýy, Goturdepe känleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça işler dogrusynda bellediler.

Soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdurahmaniw, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň başlygynyň orunbasary P.Ilmyradow, şeýle hem kärhanalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary bellenilen döwürde edilen işler barada hasabat berdiler.

Maslahatyň dowamynda täze ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek, awtomobilleri ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa ýangyç bilen üpjün etmek, pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, nebit we gaz ätiýaçlyklaryny artdyrmak, täze meýdançalary açmak maksady bilen geologogözleg işlerini giňeltmek boýunça habar berildi. Şeýle hem bellenilen döwür üçin «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň maliýe görkezijileri beýan edildi.

Maslahatyň ahyrynda wise-premýer oňa gatnaşyjylaryň ählisinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ähmiýetini belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014