Tramp Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hyzmatdaşlygynyň üstünlik dowam etjekdigine ynam bildirýär

ABŞ Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklaryň giňeldiljekdigine ynam bildirýär. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen Gutlag hatynda bellenilýär.

«Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, bilim we ykdysady gatnaşyklaryň has-da giňeldiljekdigine, şeýle hem Merkezi Aziýanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýär. Men ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan hem-de geçen ýylyň dowamynda has-da berkän ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly sarpa goýýaryn» diýip Tramp belleýär.

Öň resmi Waşington Aşgabat tarapyndan öňe sürlen sebit gaz geçiriji taslamalaryny, şol sanda — Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) we Azerbaýjanyň, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa barjak Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamalaryny goldaýandygyny belläp geçipdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň oktýabrynda Nýu-Ýorkda amerikan-türkmen işewürler forumynda eden çykyşynda ABŞ-ny Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde belledi.

— Iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, elektrik beketleriň gurluşygy, telekommunikasiýalar ulgamy, maglumat üpjünçiligi, azyk senagaty ýaly ugurlarda öňden bäri we üstünlikli işläp gelýärler. Biz bu hyzmatdaşlygy goldaýarys, geljekde hem ony ösdüreris – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Meňzeş täzelikler

2014