«WTL» kompaniýasy TNGIZT-de täze taslamany durmuşa geçirip başlady

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy (UZK-DAG) desgasynyň toplumynyň gurluşygy başlandy. Bu taslamany Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýasy amala aşyrýar.

Bu desga zawoddaky ähli agyr galyndylary (gudronlary, nefteşlamlary, asfaltlary we beýleki önümleri) has gymmat bahaly ýeňil nebit önümlerine (benzine, dizel ýangyjyna) we elektrod koksuna gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

UZK-DAG desgasy senagatda isleg bildirilýän iňňe şekilli koks önümçiligi boýunça geljekki bloga çatylmak mümkinçiligi bilen taslamalaşdyrylar. Taslamada hödürlenilen tehniki çözgütleriň we çäreleriň toplumy desganyň ygtybarlylygyny, netijeliligini we howpsuz ulanylyşyny, şeýle hem daşky gurşawyň goragyny üpjün eder.

«Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda hereket edýär. geçen döwürde kompaniýa tarapyndan taýýarlanylan taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen nebitgaz toplumyny iri döwlet maksatnamalaryna işjeň gatnaşmak bilen, «WTL» geljegi uly türkmen bazarynda uly orun eýeleýär.

Häzirki wagtda kompaniýa nebitgaz ulgamy üçin täze taslamalary işläp düzýär, çünki Türkmenistanda TNGIZT-niň binýadynda döwrebap, ýokary tehnologik we netijeli önümçilikleri döretmek « Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwlet maksatnamasynyň» wezipelerine laýyk gelýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014