Hasan Ruhani: Eýran Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Eýran Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär, diýlip Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda belleýär.

«Biziň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara düşünişmeklige esaslanýar. Dürli ugurlar boýunça dostlugymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk hem giňeldiljekdigine berk ynanýaryn» - diýlip hatda bellenilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistan we Eýran Hazar deňzi boýunça hem-de gury ýer arkaly serhetleşýär. Soňky ýyllarda birnäçe iri ykdysady taslamalar durmuşa geçirildi. Gaz geçirijilerinden başga-da, bilelikdäki tagallalar netijesinde «Dostluk» suw howdany we Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly guruldy.

2018-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli ýagdaýa görä, Türkmenistanda eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 89 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Ýurtda eýran kapitalynyň gatnaşmagynda eýeçiligiň dürli görnüşi bolan 142 sany kärhana hasaba alyndy.

Meňzeş täzelikler

2014