Si Szinpin hytaý-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagy meýilleşdirýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine uly üns berýär. Bu barada hytaý Lideriniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iberen gutlagynda bellenilýär.

«Men ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine uly üns berýärin hem-de hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygy biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin Siz bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyryn» - diýlip gutlagda bellenilýär.

Belläp geçsek, Hytaý türkmen gazyny esasy satyn alyjy bolup durýar we onuň satyn alnyşynyň möçberlerini her ýylda 65 mlrd kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, CNPC hytaý kompaniýasy taýýar önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda Türkmenistanyň gündogaryndaky känleri özleşdirýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014