Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu gün berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan beýik baýramdyr – diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň baýramçylyk gutlagynda aýdylýar.

Şoňa görä-de, biz taryhy sene bolan 27-nji sentýabra aýratyn sarpa goýup, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda hem Garaşsyzlyk gününi Bitarap Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýan şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler, dabaraly çäreler bilen ýokary ruhubelentlik derejesinde garşy alýarys.

Ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal Garaşsyzlygyny bütin dünýä jar etmek bilen, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýoly saýlap aldy. Garaşsyzlygymyzyň aýratyn jogapkärli ilkinji ýyllarynda ýurdumyz özbaşdak we erkin syýasaty durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirýän döwlet hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrdy – diýlip Gutlagda nygtalýar.

Türkmenistany dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmak üçin «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrýarys hem-de döwrümiziň ýokary tizlikli tehnologik ösüşleri bilen ugurdaşlykda sanly ulgama geçirýäris. Täze şäherdir obalary, gaz geçirijileri, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri innowasion senagat-önümçilik toplumlaryny gurýarys.

Biz ata Watanymyzy yzygiderli ösdürmek, dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak maksadymyzdan ugur alyp, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda ýokary ruhubelentlik derejesinde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda berkarar döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, has belent wezipeleri kesgitledik.

Dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, biz Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny hem yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň dürli döwletleri bilen syýasy, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, içerki ösüşi hem-de dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirýäris.

Dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan biziň bu ähli üstünliklerimiziň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy bolup durýar.

Gutlagyň ahyrynda döwlet baştutany türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Meňzeş täzelikler

2014