«The Express Tribune»: Pakistan TOPH taslamasynyň doly goldawyny üpjün edýär

Bu barada Pakistanyň «The Express Tribune» gündelik neşirinde çap edilen makalada aýdylýar. Soňra bu makalany Hindistanyň we Pakistanyň beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem köp sany halkara neşirleri — The News Today, RepublicWorld, Webindia123, Тhe news observers, Indiatvnew, Jammulinksnews, Dailyhunt, Business-standard, The leaders news, Naturalgasworld, Outlookindia, Socialnews, Eurasiantimes, Businessfast, Jansatta,  EnergyInfraPost we beýlekiler öz sahypalarynda çap etdiler.

Makalada bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Inter State Gas Systems» (ISGS) Döwlet energetika kompaniýasy turba geçirijileriň birnäçe iri taslamalarynyň üstünde, şol sanda TOPH-nyň, «Demirgazyk-Günorta» turba geçirijisiniň we deňiz gaz geçirijisiniň üstünde işleýär. Mundan başga-da, kompaniýa energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gaz saklanýan ýerasty ammarlary gurmagy meýilleşdirýär. «Parahatçylygyň turba geçirijisi» adyny alan TOPH Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirer. Owganystanyň we Hindistanyň üsti bilen Hindistana geçip, ol ykdysady işjeňlige ýardam etmäge, parahatçylygy we sebitde durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Gaz geçirijiniň geçiriljek ýolunyň ugrunda ýene-de awtomobil, demir ýol we optiki-süýümli torlary gurlar.

Türkmenistanda gurluşyk işleri eýýäm alnyp barylýar. Garaşylyşy ýaly, gurluşyk işleri Owganystanda — türkmen-owgan serhedinden Hyrada çenli başlanar. Pakistanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde başlamak meýilleşdirýär, diýip neşir belleýär.

Bu taslamany durmuşa geçirmeklige gatnaşmaga isleg bildiren kompaniýalaryň içinde birnäçe Ýewropa firmalary we banklary. Bu işlere pakistanly kompaniýalar hem işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Hytaý-pakistan ykdysady geçelgesiniň döredilmegi bilen baglylykda, energiýa geçirijilerine bolan isleg ýakyn wagtda birnäçe esse artar. Bu hem öz gezeginde TOPH-nyň we beýleki gaz geçirijileriniň gurluşygynyň ähmiýetini artdyrýar, diýlip makalada bellenilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014