Azerbaýjan türkmen gazyny üstaşyr geçirmek boýunça tekliplere garamaga taýýar

Türkmen gazyny import edijiler ýa-da Aşgabat tarapyndan başlangyçlar öňe sürlen ýagdaýynda Azerbaýjan türkmen gazyny öz territoriýasynyň çäginden geçirmek meselesine seredip geçip biler. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Hikmet Gadjiýew «Asyryň şertnamasyna» gol çekilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan seminarda belledi, diýip Trend habar berýär.

«Türkmen gazyny ibermek prosesinde Azerbaýjan üstaşyr geçiriji ýurt bolup biler. Ýöne, elbetde, bu çözgüt Azerbaýjana bagly däl. Ol eksport edijiler we import edijiler tarapyndan kabul edilmeli. Eger-de şeýle çözgüt kabul edilse, Azerbaýjan üstaşyr geçiriji hökmünde taslama garap geçmäge taýýar. Ýöne, elbetde, gutarnykly çözgüdi üçünji bir tarap kabul etmeli» - diýip Gadjiýew belledi.

Öz gezeginde, Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Elnur Soltanow bu meselede ýurduň garaýyşlarynyň aňryýany bilen düşnükligini belledi.

«Hazarüsti gaz geçirijisi hakynda aýdylanda (türkmen gazynyň Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ibermegi göz öňünde tutýan taslama), meniň pikirimçe, Azerbaýjanyň garaýyşlary düşnükli, çünki bu ýerde gürrüň azerbaýjan gazy hakynda däl. Üçünji taraplara degişli bolan gaz babatda degişli başlangyç bilen ýüz tutulan halatynda biz onuň üstaşyr geçirilmegi bilen bagly ýardam berip bileris» - diýip ol belledi.

Türkmenistan energiýa geçirijilerini Ýewropa bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Munuň üçin Hazar deňziniň asty boýunça Azerbaýjanyň kenarlaryna çenli 300 kilometrlik gaz geçirijisini gurmagy dowam etmeli.

 

Meňzeş täzelikler

2014