Türkmenistanda we Katarda energetika hem-de maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly mümkinçilikler bar — ilçi

Maýa goýum we energetika ulgamlarynda özarahereketleri giňeltmekde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Bu barada özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Halifa Ahmad Al-Suwaýdi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda belledi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe özarahereketleriň dürli ulgamlarynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Kataryň diplomaty öz nobatynda işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary babatynda biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Gepleşikleriň barşynda Ilçi bilelikde özleşdirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikler bar bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we maýa goýum, energetika we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarahereketleri giňeltmegiň zerurlygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçä iki dostlukly ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky köpugurly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň geljekki işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň martynda Katara resmi saparynyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek boýunça hökümetara Ähtnama gol çekildi.

Prezident Kataryň iri maýa goýum we maliýe düzümlerini Türkmenistanyň iri taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisini, gazy gaýtadan işleýän zawodlary, nebithimiýa we gazhimiýa toplumlaryny gurmaga, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebit we gaz känlerini özleşdirmäge, ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin enjamlary getirmäge gatnaşmaga çagyrdy.

2017-nji ýylyň aprelinde «Al Qamra Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hamad Saleh Al Kamryň baştutanlygynda Kataryň wekiliýeti Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky bilen Türkmenistanyň iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmeklige katar işewürleriniň gatnaşmak mümkinçiligini maslahatlaşdy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, himiýa, lukmançylyk senagaty we beýlekiler bellenildi.

Katar wekiliýetiniň hökümet edaralarynda we Türkmenistanyň birnäçe pudaklaýyn ministrliklerinde geçirilen duşuşyklarda anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014