Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň täze bellenen ilçisi döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat Türkmen Liderine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Angela Merkeliň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmenistan bilen uzak möhletli, giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň GFR-iň we tutuş Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygy duşuşygyň barşynda bellenildi.

Diplomat köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň köp babatda Ýewropa döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilikli syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady. Hut türkmen Lideriniň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary guramaga döredijilikli çemeleşmesi dürli ulgamlarda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki möhüm taslamalaryň köpüsiniň üstünlikli bolmagyny kesgitledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, Germaniýanyň hökümetine türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy hem-de sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany we GFR-iň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň iki ýurdy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandyklary nygtaldy.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady, ulag, şähergurluşyk ulgamlary, obasenagat toplumy we beýleki köp sanly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanda Siemens, Daimler, Claas, Rohde & Schwarz, Dresser-Rand, RWE, «ILF Consulting Engineers GmbH» we beýleki german kompaniýalary hereket edýär.

2017-nji ýylyň başynda “ILF Beratende Ingenieure GmbH” germaan kompaniýasy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystan-Pakistan böleginiň deslapky taslamalaşdyryş işleri üçin “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumy bilen şertnama baglaşdy.

2017-nji ýylyň noýabrynda Global Pipe Company german-saud kompaniýasy TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmak üçin 2018-nji ýylda 40 mln amerikan dollarlyk turba önümlerini satyn almak üçin «Türkmengaz» DK bilen şertnama gol çekdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014