Düýnki gün rekord dereje ýokarlanmadan soňra nebit arzanlaýar

Saud Arabystanynyň nebit infrastrukturalarynyň desgalaryna edilen hüjümleriň netijesinde soňky ýyllarda rekord derejede bahasy ýokarlanan nebit sişenbe güni söwdalaryň barşynda ýene-de aşaklap başlady, diýip Interfaks habar berýär.

Moskwa wagty bilen 8:23-de Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,94 göterim aşaklap, 68,37 amerikan dollaryna deň boldy. Duşenbe güni söwdalaryň barşynda olaryň bahalary 14,61 göterim ýokarlanyp, barreli üçin 69,02 dollara barabar bolupdyr.

Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,37 göterim arzanlap, 62,06 amerikan dollaryna barabar boldy. Geçenki söwdada olaryň bahasy 14,68 göterim ýokarlanyp, barreli 62,90 dollara barabardy.

Geçen dynç günleri uçarmansyz uçarlar Saud Arabystanynyň nebit desgalaryny, şol sanda ýurtdaky nebiti taýýarlaýan iri Abkaýk toplumyna we iri nebit ýatagy bolan Huraýsa hüjüm etdiler. Netijede günde 5,7 mln barrele deň bolan möçberde önümçilik togtadyldy, ýagny ýurtda çykarylýan nebitiň ýarysy ýa-da dünýäniň nebit önümçiliginiň 6 göterime golaýy.

Halkara energetika agentliginiň (HEA) maglumatlaryna görä, bu nebit ibermeleriniň taryhynda iň möhüm bökdençlikdir. Onuň möçberi hatda 1978-1979-njy ýyllaryň Eýrandaky yslam rewolýusiýasyndan we 1973-1974-nji ýyllardaky arap-ysraýyl söweşinden soňky embargodan hem artykdyr.

Saudi Aramco döwlet nebit çykaryş kompaniýasy ýakynda wagtda nebitiň çykarylyşyny bölekleýin dikeltmäge garaşýar, emma kände işleriň dolulygyna gaýtadan dikeldilmegi ýylyň ahyryndan bäri başa barmaz, diýip Citigroup-yň analitikleri çaklaýar.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Aramco işjeň däl offşor känlerinde nebitiň çykarylyşyny dikeldýär we öz nebit hem-de nebit önümleriniň ätiýaçlyklaryny ulanar. Rystad Energy-nyň bilermenleriniň bahalandyrmalaryna görä, ýurduň ätiýaçlyklary eksport ibermelerini 26 günläp üpjün edip biler.

«Nebitiň çylarylyşyny näçe wagtda öňki derejesine getirip boljakdygy hakyndaky çaklama üýtgedi. Ilkibaşda, 100 göterim kuwwatlygy tiz wagtda dikeldip bolar diýlip çaklanýardy, indi çaklamalar saklanýar – diýip Cornell Capital belleýär.

Saud desgalaryna hüjüme jogapkärçiligi ýemen gozgalaňçylary – husitler aldy. Emma ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo hüjümiň Ýemenden edilendigine şaýatlyk edýän subutnamalaryň ýokdugy zerarly munda Eýrany günäkärledi.

Tähran muny inkär edýär.

Meňzeş täzelikler

2014