Üstümizdäki ýylyň sekiz aýynyň netijelerine garaldy

Öňňin Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Meredow hasabat ýygnagyny açmak bilen, 13-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde soňky döwürde ýol berlen käbir nogsanlyklar hakynda durlup geçilendigini, olaryň arasynda nebit-gaz toplumynyň işgäriniň hem bardygyny aýdyp, şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleriň geçirilmeligini, her bir adamyň öz ýerinde halallyk ýolundan ýöräp, Watanymyza, il-günümize peýdaly hünärmenler bolup hyzmat etmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisde belleýşi ýaly, ýurdumyzda korrupsiýa we parahorluga garşy göreş meselesine berk gözegçilik etmek üçin zerur binýat döredildi we ol has-da berkidildi. Munuň özi binýady halallykdan tutulan syýasatyň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdiginiň subutnamasydyr.

Soňra hasabat ýygnagynda Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M. Arçaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji J. Orazow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş. Abdrahmanow, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B. Amanow, “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary P. Ilmyradow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan anyk wezipeleri, hususan-da, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmek, şol sanda täze nebit-gaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek we önüm çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça taslamalary amala aşyrmak işlerini dowam etmegiň zerurdygy barada giňişleýin durup geçdiler hem-de bu ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmegi talap etmeginiň geljekki işler meýilleşdirilende ýol görkeziji bolup durýandygyny bellediler.

Şeýle-de, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri, maýa goýumlarynyň özleşdirilişi,  Owganystanda we Pakistanda degişli ýer böleklerini seçip almak we olara hukuk almak işleriniň halkara talaplaryna we kadalaryna görä alnyp barylýandygy habar berildi.

Hasabat ýygnagynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda, şol sanda “Galkynyş”, Döwletabat gaz känlerinde, Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda, Uzynada ýatagynda alnyp barylýan işler, tebigy gazy çykarmakda, nebiti we nebit önümlerini öndürmekde, düýpli maýa goýularyny özleşdirmekde gazanylan anyk ykdysady-önümçilik görkezijileri seljerildi we bu ugurlarda işleri has-da ilerletmegiň ýollary hakynda gürrüň edildi, hususan-da öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, nebitiň we gazyň çykarylyşyny durnukly saklamak we artdyrmak, öndürilýän önümleriň sanyny köpeltmek, toplumyň edara-kärhanalaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze döredilýän ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda durlup geçildi.

Hasabat ýygnagynyň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy barlag tebigy gaz institutynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň ýolbaşçylary alnyp barylýan ylmy-barlag işleri hakynda hasabat berdiler. Şunuň bilen baglylykda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmakda önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer M. Meredow üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyna we has-da tijenip işlemegiň zerurdygyna ýygnanalaryň ünsüni çekmek bilen, hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde toplumyň öňünde goýýan wezipelerine amal etmekde önümçilik meýilnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigini, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014