TNGIZT-niň nebit önümleriniň bikanun söwdasy üçin adamlaryň jenaýatçylykly topary jogapkärçilige çekildi

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan parahorluk we aşa köp möçberde korrupsiýa ýagdaýlarynyň ýüze çykarylandygy hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, telekeçi Ç.Kulow, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň birža söwdasyny guraýjy bölüminiň başlygy wezipesinde işlän B.Aýdogdyýewiň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinde işlän Ý.Muhammetmyradowyň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinde işlän A.Işanowyň dilleşip, topar bolup, daşary ýurt kompaniýalaryna awiakerosini we beýleki nebit önümlerini satyn almaga ýardam edendikleri üçin para alandyklary habar berildi.

Geçirilen derňew işleriniň netijedinde jenaýat edenleriň hemmesine eden etmişlerine görä, jeza çäreleri kesgitlenildi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen nebit we himiýa önümleriniň bikanun we arzan bahalardan satylmagy bilen baglanyşykly daşary ýurt kompaniýalarynyň geçiren walýuta serişdeleri hem gozgalmasyz edildi.

Mundan başga-da, Baş prokuroryň hasabat berşi ýaly, 2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2019-njy ýylyň iýul aýy aralygynda Mekge-Medinä zyýarata gidýän raýatlaryň käbirinden aýratyn uly möçberde para alypdyrlar.

Bularyň hemmesine eden jenaýatlaryna görä, jeza çäreleri kesgitlenildi.

Hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Müftisiniň müdiriýetine hem-de Daşary işler ministrligine bu ugurda dindarlaryň arasynda degişli işleri geçirmegi, geljekde 160 däl-de, 380 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmek üçin ibermegi, daşyndan isleg bildirýänler üçin hem uçuşlary guramagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy hem-de işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutany nebsine haý diýip bilmän, haramlyga ýüz urýanlara garşy berk göreşiljekdigini, ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça aýgytly çäreleriň görüljekdigini nygtady.

Şeýle hem Türkmen Lideri ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, korrupsiýa we parahorluga garşy göreş meselesine berk gözegçilik etmek üçin zerur binýadyň döredilendigini we onuň has-da berkidilendigini belledi.

Meňzeş täzelikler

2014